Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


MEDENIÝET

Garaşsyz Türkmenistan, waspyň dillerde dessan!

Ýurdumyzyň naýbaşy baýramy – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Berkarar Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly Lebap welaýatynda hem dabaraly çärelere giň gerim berildi. 
Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşi bilen bilelikde guramaklarynda şanly sene mynasybetli «Garaşsyzlyk bilen galkynan Diýar» ady bilen geçirilen dabara aýratyn many-mazmuna beslendi. Il sarpaly ýaşulularyň, mährem eneleriň, welaýatyň tanymal medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bu çärede türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan tutumly işleri, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli ulgamlar boýunça okgunly ösüşleri, şöhratly taryhymyza, milli mirasymyza goýulýan belent sarpa barada giňişleýin söhbetler edildi. 
Bu ýerde Gahryman Arkadygymyzyň atasy ussat mugallym, gaýduwsyz esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň nesiller üçin görelde mekdebine öwrülen nusgalyk durmuş ýoly baradaky çykyşlar dabara gatnaşýan ýaşlar üçin durmuş we merdanalyk sapagyna öwrüldi. Täsirli geçen dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň Baş baýramy mynasybetli bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergä, şeýle hem bu muzeýde ýerleşdirilen Beýik Watançylyk urşy döwründe ildeşlerimiziň görkezen gahrymançylygy baradaky muzeý gymmatlyklaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler.