Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


MEDENIÝET

MEDENI WE TARYHY ÝADYGÄRLIKLERIMIZ GIŇDEN WAGYZ EDILÝÄR

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, milli medeniýetine, däp-dessurlaryna daýanyp, ýaş nesillerde taryhy we medeni mirasymyza hormat goýmak endiklerini terbiýelemek maksady bilen, Tagtabazar etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň muzeýine gezelenç çäresi guraldy.
     Tagtabazar etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň 7-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen gezelenç çäresi «Medeni mirasyň sarpasy» atly şygar astynda geçirilip, oňa ady agzalan guramanyň wekilleri, okuwçylar hem-de mugallymlar gatnaşdylar.
     Gezelenç çäresiniň dowamynda many-mazmunly çykyşlara orun berildi. Çykyşlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň medeni mirasyny we taryhy ýadygärliklerini öwrenmek, olary ilat arasynda, ylaýta-da ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek babatynda alnyp barylýan işler, geçirilýän çäreler, şeýle hem halkymyzyň taryhy gymmatlyklary, milli däp-dessurlary barada giňişleýin gürrüň edildi.
     Ýygnananlar mekdebiň muzeýinde ýerleşdirilen tapyndylar we halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda döreden gymmatlyklary bilen tanyş boldular. Bu bolsa, çärä gatnaşanlaryň her birinde uly täsir galdyryp, olaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe boldy.
     Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň milli medeniýetini we mirasyny giňden öwrenmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.