Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

Türkmen-mongol gün tertibiniň wajyp meselelerine garaldy

2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Mongoliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Dorji Baýarhuu bilen duşuşdy.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary syýasy edaralarynyň üsti bilen ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlylyk beýan edildi.
Taraplar şu ýylyň güýzünde Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana amala aşyrjak döwlet saparyna taýýarlyk işlerine aýratyn üns berdiler.