Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ikinji «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitinde eden çykyşynda Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň aýratyn orny eýeleýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Germaniýa hökümetiniň «ýaşyl» ugry öňe sürmekde tutýan ornuna, Merkezi Aziýa sebiti ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga ygrarlylygyna we degişli taslamalarydyr maksatnamalary durmuşa geçirmekdäki işjeň hem başlangyçly hereketlerine ýokary baha berdi.
Şunuň bilen baglanyşyklylykda, 2020-nji ýylda Berlinde geçirilen ýokary derejeli «Ýaşyl Merkezi Aziýa» maslahatynyň ähmiýeti nygtaldy, çünki onda gyzykly çekişmeler geçirilip, bilelikdäki ädimler beýan edilipdi. Astanada geçirilen sammitde bolsa Türkmenistanyň Prezidenti «ýaşyl» mowzuk boýunça gepleşikleri güýçlendirmegi, ony «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki aýratyn iş ugry hökmünde bellemegi we ýakyn wagtda bu ugurda özara gatnaşyklar boýunça anyk meýilnamalary işläp düzmegi teklip etdi.
Türkmenistanyň «ýaşyl» we howa degişli gün tertibi boýunça Germaniýadyr beýleki Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny Germaniýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Guramasynyň «ÝB ýaşyl Türkmenistan üçin: 2024 – 2028-nji ýyllar aralygyndaky syýasy gepleşikler we howanyň üýtgemegine garşy göreş» atly täze taslamasy-da tassyklaýar. Bu guramanyň ýolbaşçy komiteti ilkinji mejlisini «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitinden birnäçe gün öň Aşgabatda geçirdi. Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýän bu taslama gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek we metanyň hem parnik gazlarynyň taşlandylaryny azaltmak arkaly, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ÝB-niň döwlet düzümleri bilen Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň arasynda netijeli gepleşikleri ýola goýmaga gönükdirilendir.
Ýolbaşçy komitet ÝB wekiliýetiniň, Germaniýanyň ilçihanasynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we «GIZ» taslama toparynyň wekillerinden ybaratdyr. Duşuşygyň barşynda taslamanyň tehniki talaplaryny, iş meýilnamasyny, şeýle hem synag başlangyçlaryny taraplaryň ählisi-de hödürledi we resmi taýdan tassyklady.
Täze taslamanyň resmi işe giriziliş dabarasynda bu başlangyjyň Türkmenistanyň durnukly «ýaşyl» ösüş babatynda iň oňat halkara tejribäni we ÝB standartlaryny ulanmak bilen alyp barýan hereketlerini goldamaga gönükdirilendigi nygtaldy. Taslamanyň esasy maksatlaryndan biri döwlet edaralarynyň Ýewropanyň iň täze tehnologiýalaryna we tejribesine laýyklykda, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça zerur çäreleri, şol sanda kanuny çäreleri-de işläp düzmek mümkinçiliklerini güýçlendirmekdir. Taslamanyň çäginde hyzmatdaşlaryň arasynda «Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany 2030-njy ýyla çenli ösdürmek boýunça milli strategiýanyň» we «Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýasynyň» durmuşa geçirilmegini goldamak göz öňünde tutulýar.