SYÝASAT
GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny mynasyp garşylamak, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň gurnamagynda Mary şäherindäki “Bagt köşgi” toý dabaralar merkezinde «Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň bagtyýar talyp ýaşlary gatnaşdylar. Garaşsyzlyk bu biziň parahatçylyga bolan söýgümizdir. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda şanly Garaşsyzlygymyza 33 ýyl dolýar. Bu möhlet aýdylyşy ýaly, taryh üçin öran gysga möhlet. Emma ömrüň bahasynyň ýaşalan günler bilen däl-de bitirilen işler bilen ölçelişi ýaly, biziň ýurdumyzda Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan bäri sany we ähmiýeti taýdan iňňän möhüm işler durmuşa geçirildi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ähli ulgamlary düýpli özgerişleri we ösüşleri başdan geçirdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyz bu gün halkymyzy bagtyýarlyga besleýär, ähli halklary dost-doganlyga çagyrýar. Çünki Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýoly Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, parahatçylygyň ýoludyr. Ýer ýüzüniň ähli halklarynyň dostluk we doganlyk ýoludyr. Bu baýramçylyk dabrasynda toý saçagy giňden ýazylyp, bagtyýar talyp ýaşlar özleriniň Watanymyzy, şanly Garaşsyzlygymyzy, ösüş-özgerişlerimizi wasp edýän aýdym-sazly ajyp çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlar we joşgunly tanslar Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuna mynasyp sowgat bolup ýaňlandy.
Biz ýaşlary aýdyň ýoldan ýagty gelejege tarap alyp barýan, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişe başlarynyň dik bolmagy, ömürleriniň uzak bolmagy, dünýä ýaň salýan içeri we daşary syýasatlary, dost-doganlygyň, parahatçylygyň we halklaryň gülläp ösüşleriniň hatyrasyna alyp barýan ajaýyp işlerinde rowaçlyklaryň ýaran bolmagy arzuw edildi.