Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

Çaba Leýko: “John Deere” kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi ugur edinýär"

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy sentýabrda “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýko bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, myhman duşuşmaga hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagy bu şanly sene bilen gutlady hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Ol “John Deere” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga buýsanýandygyny nygtady.
Halk Maslahatynyň Başlygy gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, dünýä belli kompaniýanyň wekilini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekledi. "Şu şatlykly günlerde Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan hyzmatdaşlarymyzyň biziň ýurdumyzda bolýandygy örän buýsançlydyr" diýip, Gahryman Arkadag aýtdy.
Duşuşykda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň barşynda oba hojalygy pudagynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda “John Deere” amerikan kompaniýasynyň Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň öňden gelýän hem-de ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy kanagatlanma bilen nygtaldy.
Pudaga degişli ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak hem uzak möhletleýin esasda guralýan hyzmatdaşlygyň aýratyn ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň maksadalaýykdygy bellenildi. Türkmenistanyň öz tarapyndan “John Deere” kompaniýasy bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy barada aýdyldy.
Duşuşygyň ahyrynda Çaba Leýko bildirilýän ynam üçin hoşallygyny beýan edip, “John Deere” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklady.