SYÝASAT
Türkmenistanyň Prezidenti «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony hem kabul etdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, işewür gadymy türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen gutlady.
«Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy ýola goýlan hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigine tüýs ýürekden buýsanýandygyny nygtap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek babatda netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli gutlaglar we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösüşde meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň innowasion işläp taýýarlamalaryny çekmäge aýratyn üns berýändigini nygtady.
Döwlet Baştutany «Wozroždeniýe» kompaniýasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny kanagatlanma bilen belläp, soňky ýyllarda köpugurly iş alyp barýan holdingiň özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezendigini aýtdy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýanyň kompaniýasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Şunda «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmäge we onuň gurluşyk hem-de senagat kuwwatyny artdyrmaga uly goşant goşýandygy bellenildi. Şeýle-de Aşgabatdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde bezeg işlerini ýerine ýetiren «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň uly goşandy bellenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda daşary ýurtly işewürleriň netijeli işlemegi üçin amatly şertleriň döredilendigini nazara almak bilen, däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny we türkmen tarapynyň russiýaly hyzmatdaşlarynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda işewür Türkmenistanyň Prezidentine netijeli söhbetdeşlik hem-de gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň özüne bildirilen ynama ýokary baha berýändigini aýtdy we öz üstüne alan borçnamalaryny doly berjaý etmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.