SYÝASAT
Türkmenistanyň Prezidenti we «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Buig» kompaniýasynyň baş direktorynyň orunbasary Edward Buigi, bu kompaniýanyň Dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buigi we «Buig Batiman International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer- Erik Sen-Andreni kabul etdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, meşhur fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçylary wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen gutladylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmanlary Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda mähirli mübärekläp, gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin olara minnetdarlyk bildirdi.
— Indi ençeme ýyllaryň dowamynda «Buig» kompaniýasy türkmen bazarynda üstünlikli işleýär. Şu geçen ýyllarda bu kompaniýa özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi. Onuň durmuşa geçiren taslamalary hil babatda halkara standartlara doly laýyk gelýär — diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gezekki saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem-de «Buig» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işiniň anyk ugurlaryny kesgitlemekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de «Buig» kompaniýasynyň Türkmenistanda soňky 30 ýylyň dowamynda alyp baran giň gerimli işlerine ýokary baha berip, geçen döwrüň içinde köp işleriň ýerine ýetirilendigini kanagatlanma bilen belledi.
— Türkmenistan hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr we uly önümçilik kuwwatyna eýe bolan kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga taýýardyr. «Buig» kompaniýasy hem olaryň hatarynda mynasyp orny eýeleýär — diýip, türkmen döwletiniň Baştutany nygtady.
Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ynanyşmak we özara bähbitlilik esasynda guralýan köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Fransuz işewürleri bildirilen ýokary ynam we hemmetaraplaýyn goldaw üçin hoşallyk bildirip, «Buig» kompaniýasynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, türkmen tarapynyň däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de kompaniýanyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany we «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçylary birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, bilelikdäki işiň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.