Kabul edişlige Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki täjik-türkmen hökümetara toparynyň başlygy, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary S.Ziýozoda, Täjigistan Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçylygy we wekilleri, Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň (Parlament) deputatlary, Täjigistan Respublikasynda akkreditlenen daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, alymlar we medeni işgärler, žurnalistler we türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçisi A.Goçmyradow öz gutlag sözünde Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köp asyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk däplerine esaslanýandygyny belledi.
Dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplarynyň, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýygyndylary we amaly-haşam sungatynyň nusgalary ýaýbaňlandyrylan sergi guraldy.