Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly jenap Prezident!
Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna öz adymdan we maşgalamyň adyndan ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy uly kanagatlanma bilen beýan edýärin.
Biziň halklarymyzyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýärin hem-de ýurtlarymyzyň arasynda parahatçylygyň, ösüşiň ählumumy wezipeleriniň, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdini tapmak boýunça hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine umyt edýärin.
Pursatdan peýdalanyp, Size hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlarymyzy ýollaýarys.
KARL III,
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy.
 ***
Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly mertebedir hem-de kanagatlanma duýgusyny döredýär. Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň Hökümetine, dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin.
Tüýs ýürekden dostluk we hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.
 ***
Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Bahreýn Patyşalygynyň halkynyň adyndan hem-de öz adymdan Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw edýärin.
Çuňňur hormatlamak bilen,
Hamad bin Isa AL HALIFA,
Bahreýniň Patyşasy.
 ***
Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň şanly gününde Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň Hökümetine hem-de halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.
Baý taryhy we medeni mirasa eýe bolan Türkmenistan Garaşsyzlygyny alan gününden bäri ägirt uly üstünlikleri gazandy. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda ýurduňyzyň ýakyn ýyllarda has-da ýokary belentliklere ýetjekdigine we gülläp ösjekdigine ynanýaryn.
Döwletlerimiziň arasyndaky dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde-de pugtalandyryljakdygyna, özara hormat goýmak, iki halkyň bähbidine umumy abadançylyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri esasynda röwşen geljege giň ýoluň açyljakdygyna umyt edýärin.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlik arzuw edýärin. Goý, Türkmenistan agzybirlikde we jebislikde gülläp össün!
Sultan IBRAHIM,
Malaýziýanyň Patyşasy.
 ***
Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Jenap Prezident!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size we türkmen halkyna tüýs ýürekden iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.
Merkezi Aziýa ýurtlary bilen strategik hyzmatdaşlygyň netijesinde Germaniýanyň syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik, medeni gatnaşyklary sebit derejesinde, şeýle hem biziň ýurtlarymyzyň arasynda has-da ýakynlaşdy.
Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylyga, ykdysady ösüşe saldamly goşandyny goşýar. Siziň şu ýylyň 9-njy awgustynda Astanada geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşygyna işjeň gatnaşmagyňyz hem munuň aýdyň güwäsidir. Goý, bu ösüş türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine üstünlikli dowam etsin!
Size we ýakynlaryňyza abadançylyk, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.
Frank-Walter ŞTAÝNMAÝER,
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti.
 ***
Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Milli baýramyňyz — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli italýan halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.
Soňky ýyllarda syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy netijesinde biziň ýurtlarymyz dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürýärler. Şunuň bilen baglylykda, Italiýa, ozalkysy ýaly, Merkezi Aziýa sebitinde abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam etmek işine ygrarly bolmagynda galýar.
Jenap Prezident, şanly baýramçylyk mynasybetli dostlukly türkmen halkyna iň gowy arzuwlarymy beýan etmek isleýärin!
Serjio MATTARELLA,
Italiýa Respublikasynyň Prezidenti.
 ***
Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Palestina Döwletiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize, türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglarymy beýan edýärin. Siziň Alyhezretiňiz, ýurduňyza we halkyňyza mundan beýläk-de abadançylyk arzuw edýärin!
Biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan dostlukly gatnaşyklary ilerletmek bilen, dürli ugurlarda geljekde-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürjekdigimizi, ýurtlarymyzyň hem halklarymyzyň bähbidine gönükdirilen işlerimizde täze belentliklere ýetjekdigimizi buýsanç bilen bellemek isleýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Mahmud ABBAS,
Palestina Döwletiniň Prezidenti.
 ***
Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Jenap Prezident!
Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.
Men ýurtlarymyzyň geljekde-de dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrjakdyklaryna ynanýaryn.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.
Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalar bilen,
Norodom SIAMONI,
Kambojanyň Patyşasy.
 ***
Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Günorta Afrika Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize, ýurduňyzyň Hökümetine hem-de halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Mümkinçilikden peýdalanyp, Size berk jan saglyk arzuw edýärin, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň geljekde-de pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigimi ýene bir gezek tassyklamak isleýärin.
Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Matamela Siril RAMAFOSA,
Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti.
 ***
Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz, gadyrly doganym!
Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size mähirli gutlaglarymy, dostlukly türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk baradaky arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.
Halklarymyzyň bähbidine iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyma Sizi ynandyrmak isleýärin.
Siziň Alyhezretiňiz we gadyrly doganym, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Mohammed Uld Şeýh GAZWANI,
Mawritaniýa Yslam Respublikasynyň Prezidenti.
 ***
Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we ýurduňyzyň halkyna parahatçylyk hem-de abadançylyk baradaky hoşniýetli arzuwlarymy beýan edýärin.
FRANSISK,
Rim Papasy.
 ***
Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Siziň baştutanlygyňyzda dostlukly Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşi, raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmekde uly üstünlikleri gazandy. Iri möçberli düzümleýin taslamalar durmuşa geçirilýär, ýurduň senagat kuwwaty ýokarlanýar, medeniýet we bilim ulgamlary yzygiderli kämilleşdirilýär.
Rus-türkmen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň okgunly pugtalandyrylýandygyna kanagatlanma bildirmek isleýärin. Hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyny mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, Hökümet ugry boýunça bilelikdäki işi işjeň dowam etdirmäge taýýardygymyzy tassyklaýaryn. Munuň özi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Mihail MIŞUSTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.
 ***
Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Prezident!
Malaýziýanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize hem-de türkmen halkyna şanly waka — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmek meniň üçin örän ýakymlydyr.
Siziň halkyňyzyň synmaz ruhy güýji hem-de tutanýerliligi ulag, bilim, ykdysadyýet ýaly ulgamlarda ösüş ugruny kesgitledi. Bu gazanylanlar ýurduňyzyň röwşen we parahat geljegi üpjün etmäge üýtgewsiz ygrarlydygynyň güwäsi bolup durýar.
Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, umumy gymmatlyklar, parahatçylygyň, abadançylygyň berkarar bolmagy ugrunda bilelikdäki tagallalara esaslanyp, ýyl-ýyldan pugtalanýar. Men Siziň Alyhezretiňiziň Malaýziýa boljak saparyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Ol ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine ýardam berer we hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açar.
Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy hem-de Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistana mundan beýläk-de ösüş baradaky hoşniýetli arzuwlarymy kabul ediň!
Anwar IBRAHIM,
Malaýziýanyň Premýer-ministri.
 ***
Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Kamboja Patyşalygynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Size, Hökümetiňize we dostlukly halkyňyza Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Soňky ýyllarda Siziň ýurduňyz Merkezi Aziýa sebitindäki we dünýä giňişligindäki meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşyp, uly üstünlikleri gazandy. Türkmenistan bilen Kambojanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň biziň halklarymyzyň bähbidine özara ynanyşmak esasynda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin.
Bilelikdäki tagallalarymyz arkaly ähli ugurlarda netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, ýurtlarymyzyň we sebitlerimiziň, parahatçylygyň, durnuklylygyň, ösüşiň bähbidine oňyn köptaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegini hem-de çuňlaşdyrylmagyny üpjün edip biljekdigimize ynanýaryn.
Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk arzuw edýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Hun MANET,
Kambojanyň Premýer-ministri.
 ***
Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly mertebedir.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň Hökümetine, dostlukly halkyna mundan beýläk-de gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.
Size tüýs ýürekden dostluk duýgularymy we çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Şeýh Mansur bin Zaýed AL NAHAÝÝAN,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri.
 ***
Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly mertebedir hem-de çäksiz kanagatlanma duýgularyny döredýär.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň Hökümetine hem-de dostlukly halkyna mundan beýläk-de abadançylyk, ösüş arzuw edýärin.
Size tüýs ýürekden çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Şeýh Mohammed bin Raşid AL MAKTUM,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi.
 ***
Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Şatlykly waka — ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin.
Pakistan we Türkmenistan ýakyn doganlyk gatnaşyklaryny saklaýarlar. Şol gatnaşyklar taryhyň, medeniýetiň umumylygyna esaslanýar. Biz Siziň ýurduňyz bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris hem-de hyzmatdaşlygymyzy has ýokary derejä çykarmaga çalyşýarys. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, doganym jenap Gurbanguly Berdimuhamedowy şu ýylyň ahyrynda Yslamabatda mähirli mübäreklemek mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Muhammad Şahbaz ŞARIF,
Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri.
 ***
Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Size we doganlyk türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge rugsat ediň!
Biz halkyňyzyň tutanýerli zähmeti hem-de döwlet Baştutanynyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk döwründe gazanan üstünliklerine buýsanýarys.
Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, uzak ömür, ýurduň Prezidenti wezipesinde alyp barýan işiňizde uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa Siziň parasatly baştutanlygyňyzda bagtyýarlyk, abadançylyk, ösüş arzuw edýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Siziň doganyňyz,
Faýsal bin Naser bin Hamad AL TANI,
Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy.