Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


MEDENIÝET

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlenildi

Şu gün paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlenildi.
Bu çäräniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramçylyk dabaralarynyň ýaýbaňlandyrylan günlerinde geçirilmeginde çuňňur many bar. Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky eden nurana arzuwlary ýurt Garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi bilen baglanyşyklydygyny bellemek ýakymly.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, çeper döredijilige gol beren ýaşlaryň arasynda dürli bäsleşikler guralýar. Munuň özi türkmen halkynyň baý edebi mirasyna söýgi döretmekde we ony giňden wagyz etmekde hem-de täze zehinleri ýüze çykarmakda ähmiýetlidir.
Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy has-da ähmiýetli boldy we ol ýatda galyjy pursatlara beslendi. Bäsleşikde ýeňiş gazananlara ýörite diplomlar, hormat hatlary we hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.