Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde Türkmenistan bilen Nikaraguanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Nikaragua Respublikasynyň Daşary işler ministri Waldrak Lýudwig Witakeriň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Nikaraguanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derejesini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek mehanizminiň ýola goýulmagyň maksadalaýykdygy bellenildi.
Taraplar parlamentara gatnaşyklaryny ilerletmek üçin degişli derejede özara saparlary guramagyň möhümdigini bellediler. BMG we beýleki abraýly düzümleriň çäginde parahatçylyksöýüjilikli başlangyçlary öňe sürmek üçin bilelikdäki tagallalaryň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşykda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirildi. Mundan başga-da, taraplar ylym, medeniýet, sport, syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ileri tutulýan ugurlarda ikitaraplaýyn hukuk binýadyny berkitmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.