Türkmen halkynyň beýik oglunyň heýkeliniň Moskwa şäheriniň merkezi etraplarynyň birinde oturdylmagy nusgawy şahyryň hatyrasyny ebedileşdirilmek işinde möhüm tapgyr we Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň okgunly ösüşiniň we pugtalanmagynyň subutnamasy bolup durýar.
Dabaraly çärä Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň we degişli pudak edaralarynyň, Russiýa Federasiýasynda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň, KHBS-iň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, talyp ýaşlar we türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi E.Aýdogdyýew, Russiýanyň Medeniýet ministriniň orunbasary S.Perşin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili M.Şwydkoý, M.I.Rudomino adyndaky Bütinrussiýa Daşary ýurt edebiýaty döwlet kitaphanasynyň Baş direktory P.L.Kuzmin, Magtymguly Pyragynyň eserlerini rus diline terjime eden I.Ýu.Golubniçiý we beýlekiler çykyş etdiler.
Şeýle hem çärä hormatly myhman hökmünde Jemagat diplomatiýasyna goldaw bermek boýunça A.M.Gorçakow adyndaky gaznanyň ýerine ýetiriji direktory L.Draçewskiý hem-de Magtymguly Pyragynyň heýkelini döreden Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň agzasy, suratkeş-heýkeltaraş Z.Babaýew gatnaşdylar.