SYÝASAT
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady
Düyn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin iki günlük iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýär. Bu netijeli strategiýada abraýly halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde döwletara gatnaşyklary ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Ýurdumyz Arkalaşyga agza döwletler bilen taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýola goýup, GDA-nyň çäklerindäki möhüm duşuşyklardyr forumlara yzygiderli gatnaşýar, şeýle hem olaryň geçirilýän ýeri bolup durýar. Şu ýylyň maýynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermegi maksat edinip, bu hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamaga, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen anyk teklipleri öňe sürýär. Şunda 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitiniň jemleri boýunça kabul edilen GDA agza döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnamany mysal hökmünde görkezmek bolar. Hyzmatdaşlygyň bar bolan köpugurly mümkinçiliklerini doly derejede amala aşyrmaga gönükdirilen bu resminama türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanypdy we onuň esasy ýörelgeleri GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ykdysady ösüş Strategiýasynyň binýadynda goýuldy. Strategiýanyň kabul edilmegi hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy, uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, onuň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi.
Medeni-ynsanperwer ulgam hem GDA-nyň çägindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Bu ulgamda bilelikdäki işiň baý tejribesi toplandy. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzda we halkara derejede beýik türkmen şahyry, döredijilik mirasy dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilýär. GDA döwletleriniň ählisinde-de bu şanly senä bagyşlanan dürli çäreler geçirilýär. Şeýlelikde, Magtymguly Pyragynyň ýubileýi Arkalaşygyň medeni durmuşynda ähmiýetli waka bolup, ruhy we ynsanperwer gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşan halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.
Türkmenistan sport ulgamyndaky döwletara hyzmatdaşlyk meselelerinde hem başlangyçly orny eýeleýär. Bu gün ýurdumyz sebit we dünýä derejesindäki sport ýaryşlaryny geçirmekde baý tejribe toplady. Sportuň dürli görnüşleri boýunça iri halkara ýaryşlary guramaga mümkinçilik berýän döwrebap infrastruktura munuň şeýle bolmagyna ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň paýtagtymyzda geçirilen mejlisinde Aşgabadyň “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edilendigini bellemek gerek.
...Hormatly Prezidentimiziň uçary Moskwa çenli uçuşy amala aşyryp, “Wnukowo-2” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 8-nji oktýabrda boljak nobatdaky mejlisine gatnaşmagy ýurdumyzyň Arkalaşygyň çäklerinde deňhukukly dialoga ygrarlydygynyň, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüler.