Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


YKDYSADYÝET

Paýtagtymyzda «OGT-2024» maslahaty geçiriler

2024-nji ýylyň 23–25-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024» atly  29-njy halkara maslahaty we sergisi (OGT-2024) geçiriler. Çäre «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň bilelikde guramagynda geçiriler. Bu çäre dünýäniň köp ýurtlarynyň hünärmenlerinde uly gyzyklanma döretdi. 
«OGT-2024» halkara maslahata gyzyklanma çalt artýar: şu güne çenli 34 ýurtdan 300-den gowrak delegat oňa gatnaşýandygy tassyklandy. Al Khaleej, Dubai News, Natural Gas World, MIR 24, SNGtoday, TrendAz, Interfax we TASS ýaly dünýäniň öňdebaryjy habar beriş serişdeleri ýakyn wagtda boljak çäräni işjeň beýan edýärler.
«OGT-2024» işewürlik maksatnamasy özüne çekiji bolar. Bu çäräniň çäklerinde dünýädäki nebitgaz pudagynyň möhüm meselelerine bagyşlanan tematiki mejlisler geçiriler. Esasanam energiýa geçirijiligi, täze eksport ugurlaryny ösdürmek we uglewodorod önümçiliginiň ekologiýa ugurlary ýaly temalara üns berler.
Halkara kompaniýalarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylary çykyş ederler. Olaryň arasynda «bp» kompaniýasynyň Gözleg işini geçirmek özleşdirmek boýunça ýerine ýetiriji wise-prezidenti Ariel Flores, S&P Global Harytlar maglumatlary boýunça derňew we gözlegler, habarlar we gözleg dolandyryşy boýunça wise-prezidenti Metýu J.Sagers, «Topsoe» kompaniýasynyň ygtyýarlandyryş boýunça direktory Rikard Wanbi, BMGÖM-iň Sebit geňeşçisi Ýewgen Groza, ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň energiýa geçişi, täjirçilik hukugyny ösdürmek meseleleri boýunça uly geňeşçisi Kenýon S.Wiwer we başgalar bar. Bilermenler nebitgaz pudagynyň ösüşiniň häzirki ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşarlar, tejribe we bilim alyşarlar.
Maslahat bilen birlikde ADNOC, CNPC, SLB, Eni, Sumitomo, Petronas, S&P Platts we William Johnson ýaly iri öňdebaryjy 70-den gowrak kompaniýanyň gatnaşmagynda OGT Expo sergisi geçiriler. Sergä gatnaşyjylar nebitgaz pudagy üçin işlenip düzülen täze innowasiýalar we tehnologiki çözgütler bilen tanşyp bilerler.
OGT Expo sergisinde türkmen kompaniýalary hem giňden wekilçilik ederler. Olaryň arasynda «Garagum Hazynasy», «Nurly Tolkun», «Türkmen gala», «Hazar Logistika», «Arassa Söwda we Gurluşyk», «MENO logistics» we başgalar bar. Tanyşdyryş meýdançasy «OGT Expo 2024-iň» aýratynlygy bolar, bu ýerde kompaniýalar önümlerini we hyzmatlaryny görkezmäge mümkinçilik alarlar.
«OGT-2024» dünýädäki nebitgaz pudagynda öňdebaryjy kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we tejribe alyşmak üçin möhüm halkara meýdança bolar. Çäre pudagyň öňünde durýan esasy wehimleriniň we geljeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem täze işläp taýýarlamalar we tehnologiýalar bilen tanyşmaga mümkinçilik döreder.
Has giňişleýin maglumat almak üçin «OGT 2024-iň» resmi saýtyna ýa-da info@ogt-turkmenistan.com elektron poçtasyna girip bilersiňiz.