Çärä Türkmenistan DIM-niň, ylmy intellegensiýadan ybarat bolan Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetiniň wekilleri, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik korpusyň agzalary, ylym-bilim pudagynyň işgärleri, professor-mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde Merkezi Aziýa döwletleriniň milli şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý eksponatlarynyň, Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan kitaplaryň sergisi guraldy. Şeýle hem çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyran şahyr hakynda bilelikdäki türkmen-özbek terjimehal filminiň bölekleri görkezildi.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler görnükli şahyryň döredijilik mirasynyň medeni gatnaşyklary giňeltmekde hem-de ýurtlary we halklary ýakynlaşdyrmakda möhüm köpri bolup hyzmat edýändigini bellediler. Şeýle-de Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatynyň arasyndaky arabaglanyşyga seljerme berdiler we şahyryň eserleriniň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýetini açyp görkezdiler.