2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Yslamabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarifiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljegi barada pikir alyşyldy.
Şu nukdaýnazardan, taraplar türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň köp sanly meselelerine garadylar, ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Hususan-da, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji liniýasynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn resminamalary taýýarlamak boýunça işi gutarmagyň ähmiýeti nygtaldy
Ulag-logistika pudagynda bilelikdäki işleriň ähmiýeti hem bellenildi. Häzirki wagtda bu ugurda türkmen tarapy Pakistanyň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär, şolaryň arasynda National Logistics Corporation (NLC) aýratyn orny eýeleýär. NLC bilen hyzmatdaşlyk Hytaý – Pakistan – Owganystan – Türkmenistan ugry boýunça Merkezi Aziýa we Hazar sebitlerine çykalgasy bolan ýük gatnawlaryň mukdaryny ýokarlandyrmaga ýardam berer.