Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, BMG-niň Owganystana kömek bermek boýunça missiýasynyň, BMG-niň Syýasy we parahatçylyk gurluşyk meseleleri boýunça departamentiniň, şeýle hem UNRCCA wekilleri gatnaşdylar.
Şeýle hem Merkezi Aziýada parahatçylyga we howpsuzlyga täsir edýän wakalar we tendensiýalar barada pikir alyşyldy. Şu nukdaýnazardan, şeýle duşuşyklaryň ýüze çykýan töwekgelçiliklere öz wagtynda jogap bermekde we bilelikdäki hereketleri täze kynçylyklara uýgunlaşdyrmakda aýratyn orun eýeleýändigi nygtaldy.