Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we deputatlary, Foruma gatnaşmak üçin ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Başlygy, assambleýanyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, şeýle hem diplomatlar, halkara bilermenler, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Daniýanyň, Italiýanyň, Kipriň, Norwegiýanyň, Polşanyň, Rumyniýanyň, Fransiýanyň, Horwatiýanyň, Şwesiýanyň, Belarusuň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Ukrainanyň görnükli jemgyýetçilik hem-de syýasy işgärleri gatnaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çykyşlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG-niň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen dünýäde ýeke-täk ýurtdugy hem-de Bitaraplygyň türkmen halkynyň köpasyrlyk däplerine laýyk gelýändigi aýratyn nygtaldy. Dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy bolan Türkmenistan diňe bir özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça-da netijeli çäreleri görýär.
Geljek nesilleriň abadançylygyny üpjün etmek üçin howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini ýok etmek babatynda pikir alyşmalar geçirildi. Gatnaşyjylar parahatçylygy pugtalandyrmakda, jedelleriň öňüni almakda we diplomatik usullar arkaly çözmekde ýaşlaryň möhüm ornuny bellediler.
Çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çözgütlerini, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, 86 döwletiň awtordaşlygynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegini parlament derejesinde goldaýandyklaryny nygtadylar.