Mejlisiň işine türkmen wekiliýetiniň düzüminde Ilçi, Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň ýanyndaky hemişelik wekili M.Çaryýew, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda we daşary aragatnaşyklar ministrliginiň wekili gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň BIE-niň Baş sekretary D.Kerkentzes bilen gysga wagtlaýyn duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň çäginde Türkmenistanyň guramanyň Dolandyryş we býujet komitetine agzalygy bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň wekilleri biziň ýurdumyzyň BIE bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar.