Sport
Futbol çempionatymyzyň jemleýji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi
Duşuşyklaryň ikisi bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 32-nji tapgyrynyň jemleri jemlenildi. Ýaryş tertibiniň ikinji basgançagyny eýeleýän “Ahal” topary Türkmenbaşy şäherinde “Şagadam” bilen duşuşdy. Welsähet Öwezowyň şägirtleri bu duşuşykda garşydaşyny 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, ikinji orun ugrundaky bäsdeşlikde has-da öňe saýlandy. Gazanan bu ýeňşinden soň 67 utuk toplan “Ahal” topary üçünji orny eýeleýän “Altyn Asyr” bilen aratapawudyny 11 utuga çenli artdyrdy. “Altyn Asyr” toparynyň garşydaşyna garanyňda 3 duşuşygy az geçirendigini bellemek gerek.
Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda “Aşgabat” “Nebitçi” topary bilen güýç synanyşdy. Bu duşuşykda 2:1 hasabynda ýeňiş gazanan paýtagtymyzyň topary 28 utuk toplap, çempionaty 6-njy orunda tamamlady. 27 utugy bolan “Nebitçi” topary 7-nji orunda galdy.
Bu tapgyryň ilkinji duşuşygynda futbol çempionatymyzyň ýeňijisi “Arkadag” toparynyň öz meýdanynda “Merwi” 5:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edendigini öň habar beripdik.
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň doly jemlenmegi üçin ýene-de dört duşuşygyň geçirilmelidigini ýatladýarys. Bu duşuşyklarda “Altyn Asyr” – “Arkadag” (27-nji tapgyryň senesi süýşürilen duşuşygy), “Altyn Asyr” – “Ahal” (30-njy tapgyryň senesi süýşürilen duşuşygy), “Aşgabat” – “Altyn Asyr” (31-nji tapgyryň senesi süýşürilen duşuşygy) hem-de “Altyn Asyr” – “Köpetdag” (32-nji tapgyryň senesi süýşürilen duşuşygy) toparlary güýç synanyşarlar.
32-nji tapgyryň duşuşyklary:
“Aşgabat” – “Nebitçi” – 2:1
Gollar: 6 Orazaly Begnazarow, 90+6 Didar Didarow (“Aşgabat”) – 34 Emir Berdiýew (“Nebitçi”)
Duýduryşlar: 57 Azatmuhammet Hojamuhammedow, 64 Şyhdurdy Amandurdyýew (“Aşgabat”) – 25 Arslangylyç Nazgylyjow, 63 Batyr Gaýlyýew, 90+5 Döwran Berdiýew, 90+5 Gurbangeldi Batyrow (“Nebitçi”)
Meýdandan çykarylanlar: 27 Şöhrat Aýdogdyýew, 90+7 Hojaahmet Arazow, tälimçi (“Nebitçi”)
Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), K.Sapaýew (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Weliýew (Änew ş.)
Gözegçi emin: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
“Şagadam” – “Ahal” – 1:4
Gollar: 75 Röwşen Baýlyýew (“Şagadam”) – 22 Elman Tagaýew, 32 Daýanç Meredow, 56 Magtymberdi Berenow, 67 Meýlis Diniýew (“Ahal”)
Duýduryş: 37 Mekan Aşyrow (“Şagadam”)
Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)
Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), M.Şanazarow (Ýolöten ş.)
Ätiýaçdaky emin: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)