Sport
Türgenlerimiziň üstünlikli çykyşy
2024-nji
ýylyň 7-8-nji dekabrynda Sakarçäge etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň
garamagyndaky №2 sport mekdebinde 2007-2008, 2009-2010, 2011-2012-nji ýyllarda doglan
türgenleriň arasynda Mary welaýatynyň
birinjiligi üstünlikli geçirildi, bu ýaryşa Sakarçäge etrabynyň bedenterbiýe we
sport bölüminiň ýygyndy toparynyň hatarynda 56 türgenimiz gatnaşdy, şol ýaryşda
biziň sport mekdeplerimiziň türgenleri üstünlikli çykyş edip, welaýatymyz
boýunça etrap we şäher sport mekdepleriniň
arasynda Sakarçäge etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň ýygyndy topary
I-orna mynasyp boldular, agyr atletika güýç derejesini görkezýän esasy synag
bolup, türgenlerimiziň üstünlikli çykyşy esasan onuň güýç derejesine bagly
bolsa-da, onuň inçe tärlerini, tizligini, deňagramlygyny we çeýeligini biziň tejribeli
tälimçi mugallymlarymyzyň tälim bermeginde ýüze çykarýarlar, bu hem bizi
has-da buýsandyrýar, şeýle netijeler milli sportumyzyň görkezijisi bolmak bilen,
ulgamyň has-da kämil derejelere ýetjekdigine ynamy artdyrýar. Bize şeýle
mümkinçilikleri döredip beren, türkmen
sportuny ösüşiň täze belentliklerine çykarmak ugrynda beýik işleri başyny tutan Gahryman
Arkadagymyza hem-de şol asylly ýoly mynasyp dowam etdirýän hormatly
Prezidentimize hoşallygymyzy beýan edýäris. Goý türkmen halkynyň Milli
Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak
bolsun!
Batyr Agajanow Sakarcäge etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň başlygy