Sport
Balkanabat şäherinde halypa futbolçylaryň gatnaşmagynda kiçi futbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi
Balkanabat şäherindäki “Sport toplumy” stadionyna ýanaşyk futbol meýdanynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen “Nebitçi” futbol klubunyň bilelikde guramagynda halypa futbolçylaryň hem-de žurnalistleriň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň hem-de Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda kiçi-futbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi.
Baýramçylyk äheňinde geçen duşuşyk 3:3 hasabynda tamamlandy. Balkan welaýatynyň ýygyndy toparynyň düzüminde Azat Garajaýew hem-de Ýewgeniý Tkaçenko (2) tapawutlanan bolsa, paýtagtymyzyň ýygyndy toparynyň gollaryny Nazar (2) hem-de Wladimir Baýramowlar öz atlaryna ýazdyrdylar.
Ýeri gelende bellesek, Balkan welaýatynyň hem-de Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň düzümlerinde öz döwründe netije görkezen ýurdumyzyň halypa futbolçylarydyr sport žurnalistleriniň çykyş edendiklerini bellemek gerek.
Geçirilen bu duşuşykda Balkan welaýatynyň ýygyndy toparynyň düzüminde Jumadurdy Meredow, Meret Saparow (derwezeçi), Gurbanmämmet Meredow, Azat Garajaýew, Ýewgeniý Tkaçenko, Gurbanmyrat Gündogdyýew, Annaesen Meňliýew (derwezeçi), Hojaahmet Arazow, Öregeldi Kowusow, Goçguly Goçgulyýew, Wýaçeslaw Sudarew, Ajimirza Gasanow ýaly türkmen futbolunyň taryhynda mynasyp yz goýan oýunçylar çykyş eden bolsa, paýtagtymyzyň ýygyndy toparynyň düzüminde doganlar Wladimir we Nazar Baýramowlar, Amandurdy Annadurdyýew, Wladimir Miller, Serdar Garajaýew, Gurbangeldi Durdyýew, Rahym Waliýew, Boris Borowik, Annanur Gulow dagy çykyş etdi. Paýtagtymyzyň ýygyndy toparynyň derwezesini ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň öňki derwezeçisi Baýramnyýaz Berdiýew gorady.
Geçirilen bu duşuşyk halypa futbolçylara hem-de žurnalistlere öz başarnyklaryny görkezmäge nobatdaky mümkinçilik bolman, eýsem-de, bir-birleri bilen duşuşyp, tejribe alyşmaga, ýatlamalar ummanyna aralaşmaga hem gowy mümkinçilik berdi.
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasyna gatnaşýan “Nebitçi” toparynyň edara binasynyň açylyş dabarasy hem şu güne gabat geldi. Balkanabat şäherinde geçirilen dabara ýerli futbol hünärmenleri bilen birlikde Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçylar düzümi hem gatnaşdy.