Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


Sport

Türkmenistanyň Kubogynyň ýarymfinal duşuşyklarynyň eminleri bellenildi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Eminler bölümi ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň birinji ýarymfinal duşuşyklarynyň eminlerini belli etdi.
12-nji dekabrda geçiriljek duşuşykda “Nebitçi” bilen “Arkadag”, 13-nji dekabrda boljak oýunda bolsa “Ahal” hem-de “Altyn Asyr” toparlary duşuşarlar.
 
Kubok bäsleşiginiň birinji ýarymfinal duşuşyklary:
12.12.2024 ý. (penşenbe)
 “Nebitçi” – “Arkadag”
Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)
Başlanýan wagty: 14:00  
Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.) 
Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), A.Jumaýew (Mary ş.)
Ätiýaçdaky emin: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)
 
13.12.2024 ý. (anna)
“Ahal” – “Altyn Asyr”
Geçirilýän ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)
Başlanýan wagty: 15:00 
Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.) 
Kömekçi eminler: R.Ereşow (Türkmenabat ş.), A.Weliýew (Änew ş.)
Ätiýaçdaky emin: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)