YKDYSADYÝET
«TürkmenStat» BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň goldaw bermegi bilen statistiki hasabatlylyk ulgamyny kämilleşdirýär
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini öz içine alýan hyzmatdaşlygyň çäklerinde Milli hasaplar ulgamynyň (MHU) täzelenen nusgasyna laýyklykda, statistiki hasabatlylyk ulgamyny kämilleşdirmekde möhüm ädim ätdi.
BMGÖM bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde döwlet klassifikatorlaryny we maliýe, bank we ätiýaçlandyryş işi, ylym we syýahatçylyk ýaly esasy pudaklary öz içine alýan täze usullar işlenip taýýarlandy we ornaşdyryldy — diýip, BMGÖM-niň metbugat habarynda bellenilýär.
Şeýle hem esasy serişdeleriň sarp edilişini hasaplamak üçin çemeleşmeler ornaşdyryldy we statistika ulgamynyň işgärleriniň mümkinçilikleri ep-esli güýçlendirildi.
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan şeýle belleýär:
BMGÖM Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan milli hasaplar ulgamynyň täzelenen nusgasynyň esasynda statistiki hasabatlylygy ornaşdyrmak boýunça teklibiň makullanmagyny ýerlikli hasap edýär we ýurtda döwrebap hem-de giň gözýetimli statistiki ulgamy döretmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygyny beýan edýär.