YKDYSADYÝET
Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçen ýylda geçirilen işler barada hasabat berdi
7-nji fewralynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçen ýylda meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň netijeleri boýunça senagat ulgamynda durnukly ösüş üpjün edildi. Hususan-da, 77 milliard 623,1 million kub metr tebigy gaz, 8 million 279,7 müň tonna nebit çykaryldy. 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, nebit bitumynyň öndürilişi 10,2 göterim, benziniň öndürilişi 4,8 göterim, mazudyň öndürilişi 8,2 göterim, dizel ýangyjynyň öndürilişi 0,6 göterim, plastmassadan edilen we aýna süýümli turbalaryň öndürilişi 2,2 göterim, sementiň öndürilişi 3,5 göterim, balykçylyk 20,1 göterim, süýji-köke önümleriň öndürilişi 2,1 göterim, süýt önümleriniň öndürilişi 4,7 göterim, mesge ýagynyň öndürilişi 3 göterim, mineral suwlaryň we alkogolsyz içgileriň öndürilişi 11,5 göterim, gaplanan miweleriň we gök önümleriň öndürilişi 7,2 göterim artdy.
Hasabat döwründe senagat önümçiliginiň gymmatlyk möçberi nah ýüplükler boýunça 46,7 göterim we nah matalar boýunça 27,1 göterim ýokarlandy.
Ulag we aragatnaşyk ulgamynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýük dolanyşygynyň 2 göterim, ýolagçy dolanyşygynyň 5,2 göterim artmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 16,2 göterim artdy.
Ýurdumyzyň oba hojalygynda öndürilen gök önümler 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 8,4 göterim, azyklyk bakja 6 göterim, ýeralma 4,6 göterim, miwe we ir-iýmişler 1,5 göterim, süýt 2,1 göterim, diri agramdaky etiň öndürilişi 7 göterim ýokarlandy.
Geçen ýylda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem oňyn görkezijiler gazanyldy.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy halkara standartlaryna laýyk gelýän statistiki usulyýet esasynda statistiki hasabatlylygy we maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hem hasabat berdi.