Çäräniň açylyş dabarasynda uniwersitetiň ýolbaşçylary, hormatly myhmanlar we türkmen talyplary gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Çykyşlarda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen we dünýäniň onlarça ýurdunyň awtordaşlygynda yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýeti bellenildi.
Dabaradan soň türkmen diplomatlarynyň Gazak milli oba hojalyk gözlegleri uniwersitetiniň rektory, Gazagystan Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Ahylbek Kurişbaýew we uniwersitetiň mugallymlary bilen duşuşygy geçirildi.