Berkarar Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly Lebap welaýatynda hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip, yglan edilmegi mynasybetli çuňňur mazmunly çärelere giň gerim berilýär.
Ýurdumyzyň iň baýry okuw mekdepleriniň biri bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Lebap welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň hem-de ýokarda ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň bilelikde guramaklarynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly – milletleriň bagtyýarlygynyň binýady» diýlen at bilen geçirilen dabaraly maslahat hem tutumly çäreleriň dowamyna öwrüldi. Ýylyň şygarynyň çuňňur mazmunyny açyp görkezýän maslahata Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň wekilleri, daşary ýurtly şahsy agzalary, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem-de işjeň agzalary, institutyň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar
Dabaraly maslahatyň dowamynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady berkden tutulan we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň özenini düzýän ynsanperwerlige, dost-doganlyga, sebitde we dünýäde durnukly parahatçylygy üpjün etmeklige, hoşniýetli gatnaşyklara gönükdirilen daşary syýasatynyň mazmunyny açyp görkezýän çykyşlar, şeýle hem bu ýerde okalan Berkarar döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerini, bagtyýar zamanamyzy wasp edýän goşgular gyzgyn garşylandy.
Owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň başlygynyň we agzalarynyň, şeýle-de Birleşen Arap Emirliklerinde ýaşaýan türkmenleriň medeni jemgyýetiniň ýolbaşçysynyň daşary ýurtlarda ýaşaýan ildeşlerimiz hakyndaky mähirli we yzygiderli aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Dabaraly maslahatyň dowamy baýry ýokary okuw mekdebiniň «Altyn nesil» aýdym-saz toparynyň Berkarar Watanymyzy, eşretli döwrümizi wasp edýän joşgunly aýdymlary bilen utgaşdy.
Günüň ikinji ýarymynda myhmanlar Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň okgunly ösüşlerini, milli mirasymyzy, gözel tebigatymyzyň täsinliklerini we tebigy baýlyklaryny şöhlelendirýän muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Soňra myhmanlar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ýylyň şygary bilen baglanyşykly, şeýle hem dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen ynsanperwer daşary syýasatynyň ähmiýetini açyp görkezýän tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlige gatnaşdylar.