4-nji martda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň nobatdakysyna badalga berler. Dört aýlawdan ybarat bolan futbol çempionatymyzda toparlaryň sekizisiniň (“Arkadag”, “Ahal”, “Altyn Asyr”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Aşgabat”, “Merw”, “Köpetdag”) çykyş eder.
Futbol çempionatymyzyň birinji hem-de ikinji aýlawlarynyň duşuşyklary 2025-nji ýylyň 4-nji marty bilen 22-nji iýuny aralygynda dowam eder. Üçünji we dördünji aýlawyň duşuşyklary futbol çempionatynyň ikinji ýarymynda geçiriler.
Ýeri gelende bellesek, geçen möwsüm “Arkadag” toparynyň çempionlygy bilen tamamlanypdy. “Ahal” topary ikinji, paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular.
Bellik: Türkmenistanyň futbol çempionatynyň birinji hem-de ikinji aýlawlarynyň senenamasyny çap edýäris.
2025-nji ýylyň Ýokary liga futbol klublarynyň arasyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň Çempionatyna we Kubogyna gatnaşýan toparlar:
1.
“ARKADAG” futbol kluby
Arkadag şäheri
2.
“Ahal” futbol kluby hojalyk jemgyýeti
Ahal welaýatynyň Änew şäheri
3.
“Altyn Asyr” futbol kluby hojalyk jemgyýeti
Aşgabat şäheri
4.
“Şagadam” futbol kluby
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheri
5.
“Merw” bedenterbiýe-sport futbol kluby
Mary welaýatynyň Mary şäheri
6.
“Aşgabat futbol kluby”
hojalyk jemgyýeti
Aşgabat şäheri
7.
“Nebitçi” futbol kluby
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheri
8.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky “Köpetdag” sport toplumynyň “Köpetdag” futbol kluby