Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


MEDENIÝET

Kompozitor Arno Babajanýanyň eserleri türkmen sahnasynda ýaňlandy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan konsert boldy.
Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary ermeni kompozitory Arno Babajanýanyň eserlerini ýerine ýetirdiler.
Bu aýdym-sazly çäre Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen guraldy, ilçihananyň işgärleri ýakynda 100 ýaşy bellenilmeli tanymal ildeşleriniň ýagty ýadygärligine hormat goýýarlar.
Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruben Harazýan çykyş edip, ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini nygtady we simfoniki orkestriň çykyşyndan lezzet almagy arzuw etdi.
Arno Babajanýanyň döreden sazlary bir gezek radioda ýa-da telewideniýede ýaňlandygy, ol dessine halk arasynda meşhur bolýardy. Özi-de olary dürli ýaşdaky we kärdäki adamlar aýdýardylar. Olaryň şeýle meşhurlygy zehinli kompozitoryň Robert Roždestwenskiý, Ýewgeniý Ýewtuşenko, Andreý Woznesenskiý we beýleki zehinli şahyrlar bilen hyzmatdaşlyk edenligi üçindi.
Orkestriň solisti Maýsa Nyýazowa «Men saňa minnetdar» aýdymy bilen konserti açdy. Maýsa bu aýdymy ussatlarça ýerine ýetirmegi başardy. Agşamda Arno Babajanýanyň 20-den gowrak aýdymy ýaňlandy, şeýle hem Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow «Noktýurt» we «Elegiýa» instrumental pýesalaryny fortepianoda ýerine ýetirdi.
Tomaşaçylar ýaňlanan her eseri üns bilen diňlediler. «Gözellik şasy», «Toý» ýaly meşhur aýdymlara diňleýjiler el çarpyp goşuldylar. Konsertiň ahyrynda Döwran Şammyýew, Maýsa Nyýazowa, Nury Nuryýew, Kakajan Hudaýberdiýew, Täzegül Baýramowa we Wladimir Mkrtumow «Ýerewanym» diýen aýdymy bilelikde aýtdylar. Döwran Şammyýew bu aýdymyň birinji bendini ermeni dilinde aýdyp, diňleýjileriň şowhunly el çarpyşmasyny gazandy.