Sport
7-nji aprelde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä bileleşigi bilen bilelikde Bütindünýä saglyk gününi giňden baýram etdi.
7-nji aprelde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä bileleşigi bilen bilelikde Bütindünýä saglyk gününi giňden baýram etdi.
Şol gün Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda hem-de, Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi. Bu ajaýyp baýram mynasybetli 1 — 7-nji aprel aralygynda Diýarymyzyň çar künjeginde dürli çäreler guraldy. Mowzuklaýyn maslahatlar, “tegelek stol” duşuşyklary, sergiler, okuw sapaklary, bedenterbiýe-sagaldyş, medeni çärelerdir dabaralar, sport ýaryşlary şolaryň hataryndadyr.
Taýýarlan : Garagum etrabynyñ sport mekdebiniñ tälimçisi Çynar Çolykowa