Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


MEDENIÝET

Türkmenistanda halkara festiwal geçirilýär

Düýn Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň dabaraly açylyşy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän giň gerimli döredijilik çäresi köpöwüşginli milli medeniýetimiziň özboluşlylygyny, onuň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşindäki ornuny, ägirt uly parahatçylyk döredijilik kuwwatyny açyp görkezmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz pederlerimizden miras galan däp-dessurlaryň we ynsanperwer ýörelgeleriň, türkmen halkynyň döredijilik kuwwatynyň döwrebap derejede ösdürilmegine uly üns berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan beýleki döwletler bilen parahatçylyk, dostluk we raýdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýup, Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşýar. Şunda dünýä halklarynyň özara düşünişmegine ýardam berýän medeni hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir.

Ýurdumyz sebitiň ykrar edilen parahatçylyk dörediji we iri medeni merkezi bolmak bilen, giň gerimli ynsanperwer hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezýär, medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagyna çagyrýar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal hem munuň nobatdaky subutnamasydyr. Şunda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň girizilendigini bellemek ýerlikli bolar. Şeýle-de bu abraýly sanawa türkmen keşdeçilik, keçe sungatyny we türkmen demirçilik senedini girizmek göz öňünde tutulýar.

Döredijilik forumynyň geçirilýän ýeri bolan Lebap welaýatynyň çäginde türkmen halkynyň gadymy taryhyna we medeniýetine şaýatlyk edýän dürli döwürlere degişli 200-den gowrak binagärlik ýadygärligi ýerleşýär. Ady belli gadymy ilatly ýerleriň we iri söwda şäherleriniň çäklerinde geçirilen arheologik gazuw-barlag işleri ýönekeý öý önümçiliginiň çäginden has alyslara çykýan türkmen senetçiliginiň taryhyň jümmüşine uzap gidýän däpleriniň bardygyny ýüze çykardy. Senetçilik önümleri, şol sanda ajaýyp türkmen halylary, şaý-sepleri, küýzegärlik önümleri halkara bazarlarda uly islegden peýdalanyp, Türkmenistandan daşary ýurtlara äkidilipdir, şeýlelikde, adamzat medeniýetine saldamly goşant goşupdyr.
Myhmanlar üçin Türkmenabadyň häzirki zaman binagärligi hem gyzyklydyr. Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat kitaphanasynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň, Ruhyýet köşgüniň we “Bagt köşgüniň”, Halkara howa menziliniň, Lebap welaýat baş metjidiniň, 2021-nji ýylda Medeniýet hepdeliginiň geçirilen döwründe açylyp, milli we halkara ähmiýetli iri çäreler üçin niýetlenen “Türkmeniň ak öýi” binalary onuň ajaýyp nusgalarydyr.

“Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançany baýramçylyk ruhy gurşap aldy. Onda ýurdumyzyň gündogar sebitiniň döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Artistler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli medeniýetimiziň ösdürilmegine berýän ünsi üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan edip, ata Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.
Binanyň eýwanynda festiwala gatnaşyjylary we myhmanlary ýaşajyk sazandalar özboluşly çykyşy bilen garşyladylar. Olar ussatlyk bilen käsede saz çalýarlar. Şeýle-de bu ýerde muzeý gymmatlyklarynyň sergisi ýaýbaňlandyrylypdyr. Sergi türkmen halkynyň köptaraply döredijilik zehininiň aýdyň subutnamasy bolup, onda milli amaly-haşam sungatynyň we halk senetçiliginiň görnüşleri görkezilýär.

Myhmanlar “Türkmeniň ak öýi” binasynyň sergiler zalynda ýerleşýän, milli şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň häzirki zaman ösüşi barada gürrüň berýän hemişelik sergi bilen uly gyzyklanma bildirip tanyşdylar.

Halkara festiwalyň dabaraly açylyşy ajaýyp konsert zalynda boldy. Bu ýere ýurdumyzyň Hökümet agzalary, medeniýet ulgamynyň, şäher hem-de welaýat häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar. Foruma daşary ýurtlardan gatnaşyjylaryň hatarynda Gazagystandan, Özbegistandan, Eýrandan, Türkiýeden, Koreýa Respublikasyndan, Latwiýadan medeniýet ulgamynyň wekilleri, suratkeşler, senetçiler bar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda halkara festiwalyň dürli halklaryň arasynda parahatçylygy pugtalandyrmakdaky, dost-doganlygy kemala getirmekdäki orny aýratyn nygtalýar.
«Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklaryň barha pugtalanýandygynyň, medeni hyzmatdaşlygyň täze derejelere göterilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu festiwal türkmen halkynyň sungat derejesine göterilen senetçiligini, milliligi we özboluşlylygy bilen meşhur bolan amaly-haşam sungatyny dünýä çykarmaga täze badalga berer” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilýär.
Medeni forumyň dabaraly açylyşy Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren “Türkmenistan — dost-doganlygyň mekany” atly aýdym-sazly edebi kompozisiýasy bilen dowam etdi. Bu sahna oýnunda döredijilik çäresiniň baş taglymy — häzirki zaman türkmen sungatynyň köpugurlylygy, onuň adamzadyň taryhy-medeni mirasy bilen aýrylmaz arabaglanyşygy, dünýäniň halklaryny ýakynlaşdyrmakdaky orny öz beýanyny tapdy.

Çagalar döredijilik toparlarynyň “Bagtyýar çagalar” atly çykyşynda milli medeniýetimiziň iň gowy däpleriniň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy. Konsertde halk we nusgawy sazlar, döwrebap estrada aýdymlary ýaňlandy. Döredijilik toparlarynyň aýry-aýry çykyşlary türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryna bagyşlandy.
Türkmen aýdymçylarynyň hem-de Lebap welaýatynyň sazandalar toparynyň festiwala gatnaşyjy ýurtlaryň — Gazagystanyň, Eýranyň, Latwiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň meşhur aýdymdyr sazlaryny, tans kompozisiýalaryny şol ýurtlaryň dillerinde ýerine ýetirmegi daşary ýurtly myhmanlar we tomaşaçylar üçin hakyky baýramçylyk sowgady boldy.

“Gel, Türkmenistana!” atly türkmen, rus we iňlis dillerinde ýaňlanan aýdym parahatçylygyň, halklaryň dostlugynyň ýurdy bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana çakylyk boldy.
“Dost-dogany jem edip, toý toýlaýar Diýarym” atly joşgunly kompozisiýany ýerine ýetiren welaýatlaryň döredijilik toparlarynyň birleşen aýdym-sazly çykyşy konsert maksatnamasynyň jemleýji bölegine öwrüldi. Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetiren “Alkyş Arkadagly Serdara!” atly aýdymy türkmen döwletiniň täze eýýamynyň senasy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna waspnama bolup ýaňlandy.
Festiwalyň çäreleri günüň ikinji ýarymynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dowam etdi. Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, senetçilik işleriniň sergisi açyldy.
Welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 35 müňden gowrak sergi önümleri saklanyp, şolaryň köp bölegi ýurdumyzyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary bolup durýar. Olaryň hatarynda amaly-haşam sungatynyň hem-de olara deňelen hünärmentçilik işleriniň gadymy nusgalary bar. Diňe soňky ýyllarda köp sanly etnografik tapyndylar, gadymy Amul şäherçesinde geçirilen möwsümleýin gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda ýüze çykarylan arheologik tapyndylaryň 100-den gowragy muzeýiň gaznasynyň üstüni ýetirdi.
Häzirki wagtda muzeý şäheriň iri ülkäni öwreniş merkezine öwrülip, bu ýerde milli baýramçylyklar mynasybetli çäreler, gyzyklanma döredýän şahsyýetler bilen duşuşyklar, häzirki zaman sungat sergileri, okuw maslahatlary we ylmy maslahatlar geçirilýär. Onuň işgärleri iri ylmy-barlag, usulyýet işlerini alyp barýarlar.
Festiwala gatnaşyjylar muzeýde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň eserleri, gap-gaçlar we heýkeller, şekillendiriş sungatynyň, halk senetçiliginiň ussatlarynyň işleri, şol sanda halylar, keçeler, palaslar, gobelen önümleri, gaýyşdan we deriden taýýarlanan önümler, milli egin-eşikler, tikin işleri, owadan kümüş şaý-sepler, saz gurallary, türkmenleriň durmuşynda ulanylan beýleki adaty serişdeler köpdürlüligi bilen görkezildi. Senetçiler haly we küýzegärlik önümleriniň, milli saz gurallarynyň ýasalyşy, türkmen gelin-gyzlarynyň el işleri barada gyzykly gürrüň berdiler.
Şeýlelikde, döwürleriň, ruhy mirasyň, özboluşly däpleriň dowamatlylygynyň hakyky arabaglanyşygy ýüze çykarylyp, olaryň aýawly saklanmagy bilen birlikde, halk senetçileri tarapyndan ösdürilýändigi hem doly äşgär boldy.
Festiwala daşary ýurtlardan gatnaşyjylaryň sergi önümleri: agaçdan we galaýydan ussatlarça ýasalan önümler, aýnadan taýýarlanan ýazuw önümleri, gelşikli gutujyklar, matadan taýýarlanan we matanyň ýüzüne çekilen özboluşly işler, bezegler, “ebru” usulynda ýerine ýetirilen suratlar amaly-haşam sungatynyň köp sanly janköýerleriniň ünsüni çekdi. Myhmanlar festiwala milli lybaslaryň nusgalaryny, gündogaryň ýurtlary üçin däp bolan kalligrafiýa hem-de daşy elde işlemek sungatynyň eserlerini, çeper işleri, köpdürli sowgatlyk önümleri we taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän halk döredijiligini emele getirýän beýleki önümleri getiripdirler.
Ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan, şeýle-de Eýrandan, Türkiýeden, Gazagystandan, Özbegistandan, Koreýa Respublikasyndan, Latwiýadan sergide görkezilýän gymmatlyklar aýratyn reňk öwüşgini, nagyşlarynyň we gölleriniň özboluşlylygy bilen tapawutlanýarlar. Dünýäniň halklarynyň asyrlaryň hem-de häzirki döwrüň hakydasyny özünde jemleýän medeniýetleriniň doly akabaly derýasy şunuň ýaly çeşmelerden emele gelýär. Türkmenabatdaky häzirki festiwal kalbyňda hut şeýle duýgulary galdyrýar.
Serginiň açylyş dabarasynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa festiwalyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hoşallyklaryny bildirip, şeýle halkara forumyň geçirilmeginiň amaly-haşam sungatynyň gadymy nusgalaryny çuňňur öwrenmekde, dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar.
Agşam myhmanlar Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Gyzyl kürte» atly çeper filmi görmäge çagyryldy. Çeper filmdäki wakalar 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwrüniň anyk pursatlaryna esaslanypdyr.
Türkmen durmuşynyň aýdyň tapgyrlaryny beýan edýän bu film şu ýyl halk köpçüligine ýetirildi. Ol iýun aýynda — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baýram edilýän günlerinde ilkinji gezek görkezildi. Türkmen kinematografiýaçylarynyň işi diňe bir biziň ýurdumyzyň tomaşaçylarynyň arasynda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly meşhurlyga eýe bolup, ol eýýäm halkara kinofestiwallaryň birnäçesine gatnaşdy.
Ertir «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň çäklerinde Lebap welaýat kitaphanasynda «Adaty senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly ylmy-amaly maslahat geçiriler. Onuň barşynda milli mirasy gorap saklamagyň, öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şol mirasyň aýrylmaz bölegi senetçilik we amaly-haşam sungatydyr.
Şeýle-de maslahata gatnaşyjylara tejribe alyşmak, şol sanda halkara sergileri guramakda tejribe alyşmak üçin mümkinçilik dörediler. Köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky desgada milli lybaslaryň tanyşdyrylyş dabarasy geçiriler.
Daşary ýurtly myhmanlar Amyderýanyň kenar ýakasyndaky şäheriň gözellikleri bilen tanyşmagyny dowam ederler. Festiwalyň maksatnamasynyň çäklerinde döredijilik duşuşyklary we ussatlyk sapaklary meýilleşdirilýär.
14-nji oktýabrda Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde festiwalyň ýapylyş dabarasy geçiriler.