Duşuşygyň dowamynda türkmen-somali gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm itergi berjekdigini bellediler.
Söwda-ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge we şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmäge üns bermek bilen dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek baradaky özara ygrarlylyk tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistanda we Somalide geçirilýän halkara ykdysady çärelere gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi.