Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

TÜRKMENISTAN WE TÜRKIÝE PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRÝÄR

2022-nji ýylyň 18-nji noýabrynda paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň parlament toparyna ýolbaşçylyk edip, sapar bilen Aşgabada gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşygy boldy.
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy myhmany ýörite zala çagyrdy. Ol ýerde ikiçäk düzümdäki gepleşikler geçirildi.
Mustafa Şentop Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň aýdan hoşniýetli sözlerini we doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. 
Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, öz gezeginde, dostlukly ýurduň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy we Türkiýe Respublikasy bilen özara gatnaşyklaryň berkidilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi.
Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysynyň Türkmenistana saparynyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, hormatly Arkadagymyz Mustafa Şentopyň Aşgabatda geçiren gepleşiklerinde we duşuşyklarynda kanunçylyk ulgamy bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň bu ugurdaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirjekdigine ynam bildirdi.
Soňra duşuşyk Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň wekilleriniň hem-de Türkiýäniň parlament wekiliýetiniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy boldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.
Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysyny “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni bilen sylaglamak hakynda Permany okaldy. Resminamada bellenilişi ýaly, Mustafa Şentop bu ýokary sylagyna döwletara hyzmatdaşlygyň mazmunyny baýlaşdyrmaga goşan goşandy üçin mynasyp boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysyna ýokary sylagy gowşurdy hem-de türk kärdeşini bu şanly waka bilen gutlap, oňa alyp barýan işlerinde geljekde-de üstünlikleri arzuw etdi.
Myhman bu belent sylag üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize özüniň hoşallygyny aýdyp, bu ýokary döwlet sylagyna türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine berlen uly baha diýip düşünýändigini beýan etdi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň hormatyna resmi günortanlyk nahary berildi.
Günüň ikinji ýarymynda Mustafa Şentop Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy. Bu ýerde belent mertebeli myhmany “Galkynyş” at üstündäki milli oýunlar topary joşgunly çykyşy bilen garşylady.
Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana amala aşyran saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip, bu ýerden Watanyna ugrady.