Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


MEDENIÝET

Gyrgyz topary «Etno-Oş» Aşgabatda geçiriljek halkara festiwala gatnaşýar

Gyrgyz Respublikasynyň «Etno-Oş» halk döredijiligi we etnografik topary ertir Aşgabatda açyljak «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala gatnaşyjylaryň biridir.
2016-njy ýylda döredilen ýaş zehinliler topary on adamdan ybarat bolup, onuň çeper ýolbaşçysy Aptakpan Nyşanowdyr.
Ansamblyň repertuarynda halk tanslary, gadymy gyrgyz aýdymlary bolan eldik kuu, şeýle hem rowaýatlar, komuz we beýleki adaty saz gurallary hem-de halk döredijiligidir etniki sazlar bar.
«Etno-Oş» topary öz döredijilik gaznasynda Gyrgyzystanyň halk medeniýetini, dünýägaraýşyny, ýaşaýyş durmuşyny, taryhyny we estetiki ideýalaryny görkezýän bahasyna ýetip bolmajak mirasy gorap saklaýar.