Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

TÜRKMEN-KOREÝ HYZMATDAŞLYGYNY ÖSDÜRMEGIŇ MÖHÜM UGURLARY KESGITLENILDI

29-njy noýabrda ir bilen Gahryman Arkadagymyzyň awtoulag kerweni Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanynyň “Ýonsan” köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly döwletiň Prezidentiniň Diwanynyň protokol gullugynyň ýolbaşçysy mähirli garşylady we bina girmäge çagyrdy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy köşgüň duşuşyklar üçin zalyna barýar. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz we Prezident Ýun Sok Ýol mähirli salamlaşýarlar.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Şol gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilip, soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykaryldy. 
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň (KITA) prezidenti Kristofer Ku bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda, aýratyn-da, ulag-logistika ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň işewür düzümleriniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşyga şu kompaniýalaryň we degişli düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdy - “Hyundai Engineering”, “Hyundai Corporation”, “Hyundai Motors”, Günorta Koreýanyň “KEXIM” eksport-import banky, “LX International Corp.”, “Omnisystem Co Ltd”, “Daewoo Engineering and Construction” kompaniýalary, Koreýa Respublikasynyň Deňiz enjamlary ylmy-barlag instituty, (KOMERI), “MESCO”, Koreý lukmançylygyny ösdürmek boýunça milli instituty, Kýongbuk milli uniwersitetiniň ýanyndaky “Chilgok” klinikasy, “KITECH” konwergent tehnologiýalar merkezi, “KD Navien” düzümi bar.
Soňra iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň we işewür toparlarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. 
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalarynyň dostlukly ýurduň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi. Olaryň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Koreýa Respublikasyna resmi sapary tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Watanymyza ugrady.