Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

Aşgabat Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe geçelgesi boýunça ýük daşamalary işjeňleşdirmek üçin Ýeke-täk logistika merkezini döretmegi teklip etdi

Türkmen tarapy Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe täze ulag geçelgesi boýunça ýük daşamaga amatly bolmagy üçin, ýeke-täk logistik merkezi döretmek baradaky meselä seretmegi teklip edýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň türkmen kenarynda Awazada geçirilen üç ýurduň Prezidentleriniň Birinji sammitinde eden çykyşynda belledi.
— Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe täze ulag geçelgesi geljegi uly bolan taslamalaryň birine öwrülip biler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy şu ugur boýunça ýük daşamaga amatly bolmagy üçin, ýeke-täk logistik merkezi döretmek baradaky meselä seretmegi teklip edýär – diýip, Serdar Berdimuhamedow Awazada Ilham Aliýew we Ärdogan bilen duşuşygynda belledi.
Döwlet Baştutany sözüni dowam edip, Gündogar — Günbatar ugry boýunça ygtybarly ulag köprüsini döretmekde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň esasy orny eýelemelidigine ynam bildirdi. Bu ugurdaky bilelikdäki tagallalarymyz köp babatda beýleki halkara hyzmatdaşlar, iri maýa goýujylar bilen ylalaşyklary gazanmaga ukyplydyr.
Şeýle hem halkara giňişlikde ylalaşylan ulag diplomatiýasyny has maksadaokgunly alyp barmak zerurdyr. Bu diplomatiýa bolsa ýöriteleşdirilen düzümler bilen işjeň hereketleri göz öňünde tutýar. Hususan-da, gürrüň Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy (ÝYK), bu guramanyň Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we Durmuş Komissiýasy (ESKATO), Halkara awtomobil ulaglary birleşigi hem-de beýleki düzümler barada barýar.
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň Birinji sammitiniň netijeleri boýunça 14-nji dekabrda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda Ulaglar babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.