MEDENIÝET
ÝURDUMYZYŇ BAŞ ARÇASYNYŇ YŞYKLARY ÝAKYLDY
Şu gün — 15-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada Aýazbabanyň jadyly taýajygynyň hereketi bilen, ýurdumyzyň Baş arçasynyň köpöwüşginli yşyklary ýakyldy. Munuň özi hemmeleriň söýýän hem-de sabyrsyzlyk bilen garaşýan, jadyly, syrly, şadyýan, hoşniýetli Täze ýyl baýramynyň ýakynlaşyp gelýändiginiň buşlugy boldy.
Indi näçe ýyl bäri «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança Täze ýyl dabaralarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Şol ýerde ýurdumyzyň iň belent, bezegli arçasy ornaşdyrylyp, onuň töwerek-daşy ertekilerdäki şäherçeler ýaly owadan görnüşe eýe bolýar.
Depesine «2023» ýazgyly sekizburçly ýyldyz ornaşdyrylan Russiýa Federasiýasyndan getirilen owadan arçanyň beýikligi 42, ini 16 metre barabardyr. Dürli reňklerde öwşün atýan şarlar, monjuklar, oýnawaçlar, çyrajyklar bilen bezelen arça ýetip gelýän Täze ýylyň özboluşly nyşanlarynyň biri hasaplanýar.
Her ýylda bolşy ýaly, paýtagtymyzdaky Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylmagynyň yzysüre welaýatlarda, ýurdumyzyň şäherleriniň we etraplarynyň baş meýdançalarynda ornaşdyrylan Täze ýyl arçalarynyň ählisi täsin yşyklar bilen öwşün atyp başlaýar. Şeýle hem tutuş bir ýyllap garaşylýan Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň çar künjünde konsertlere, dabaralara we beýleki baýramçylyk çykyşlaryna badalga berilýär.