Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň IV gurultaýy

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdaky IV gurultaýy geçirildi.
Paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gatnaşyjylary bir ýere jemlän gurultaýyň dowamynda geçen döwürde alnyp barlan işlere seljerme berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe TSTP-niň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi, birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy. Gurultaýyň işine gatnaşmaga ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem çagyryldy.
Türkmenistanda telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, häzirki zamanyň bazar gurallaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna hususy ulgamyň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, türkmen hususyýetçiligine milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmakda, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde toplum emele getiriji ugurlaryň biri hökmünde garalýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda kiçi we orta işewürligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin hukuk, syýasy, maliýe hem-de durmuş taýdan oňyn şertler döredildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda belleýşi ýaly, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny döretmek, senagat kärhanalaryny, häzirki zaman söwda merkezlerini, döwrebap obalary gurmak boýunça öňümizde goýan wezipelerimizi amala aşyrmakda hususy pudaga uly orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň mundan beýläk-de yzygiderli goldanyljakdygyny nygtaýar.
Gurultaýa gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň baş maksady halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmekden, ata Watanymyzyň gülläp ösüşine gönükdirilen durmuş ugurly syýasatyň amala aşyrylmagynda döwletiň ygtybarly kömekçisi bolmakdan ybaratdyr.
Forumyň gün tertibiniň çäklerinde partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň we welaýatlardaky bölümleriniň, derňew toparynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi, guramaçylyk meselelerine garaldy. Gurultaýa gatnaşyjylar Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň, derňew toparynyň täze düzümini saýladylar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlyklygyna S.Owganow gaýtadan saýlanyldy. Şeýle hem TSTP-niň Tertipnamasyna hem-de Maksatnamasyna girizilmegi göz öňünde tutulan üýtgetmeler biragyzdan makullanyldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň IV gurultaýyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge berýän uly ünsi we goldawlary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, strategik döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, ýurdumyzy ösüşiň täze sepgitlerine çykarmak ugrundaky işlere saldamly goşant goşmak üçin yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.