SYÝASAT
«Täze balyk» hususy kärhanasy balyk tutmak möwsüminde ýokary iş netijelerini gazanýar
Mary welaýatyndaky Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Täze balyk» hususy kärhanasynyň işgärleri iş gününi zähmet üstünliklerine besläp, balyk tutmak möwsüminde ýokary iş netijelerini gazanýarlar.
Kärhanada balykçylar toparynyň birnäçesi bolup, olar balyk tutulýan enjamlar, ýörite gaýyklar bilen üpjün edilipdir. Balykçylaryň yhlasly zähmetleri netijesinde her günde balyklaryň uly mukdary tutulýar. Kärhana boýunça
şu ýylyň on bir aýynda balyk tutmak baradaky meýilnama bir ýüz on göterimden gowrak ýerine ýetirilipdir.
Balykçylar ýyllyk işmeýilnamalaryny hem üstünlikli ýerine ýetirmek üçin şu günler balyk tutmak işlerini has-da güýçli depginde alyp barýarlar. Telekeçiler suw howdanlarynda we köllerde balyk gorlaryny köpeltmek işlerine hem aýratyn üns berýärler. Bu ugurda kärhananyň garamagynda ýaş balyklary ösdürip ýetişdirmek maksady bilen emeli howuzlaryň birnäçesi döredilipdir.
Telekeçileriň tagallasy bilen şy ýylky balyklaşdyrmak möwsüminde Hanhowuz, Saryýazy suw howdanlaryna, Hanguýy we Ýerajy köllerine jemi on iki müňe golaý kilogram körpeje balyklar ösdürime goýberilipdir. Işewir telekeçile suw howdanlarda hem köllerde iýmit gorlarynyň ýeterlikdigini bellemek bilen çapak, kepir, daban, taran, tüňňümaňlaý, gyzyl teňňe ýaly balyklaň sanynyň has-da köpelýändigini aýtýarlar.