Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


YLYM WE TEHNIKA

Demirgazyk Goturdepe ýatagynda nebitiň täze senagat akymy alyndy

Demirgazyk Goturdepe ýatagynda uglewodorod çig malynyň täze senagat akymy alyndy. Munuň özi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan Demirgazyk Goturdepedäki we Hazar deňziniň ýalpaklarynda we Merkezi hem-de Günbatar Goturdepe bilen birlikde olara ýanaşykly ýerlerde «gara altyn» gorlarynyň çaklamasyny subut etdi.
Demirgazyk Goňurdepäniň aýry-aýry ýerleriniň we Günbatar Goturdepäniň ýerleriniň desgalarynda seýsmologiýa-gözleg işleriniň öňdebaryjy 3D usullary ulanyldy. Geçirilen barlaglar esasynda geologiýa hasabaty düzüldi we agtaryş hem-de gözleg guýularyny burawlamak boýunça maslahatlar berildi.
«Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň gözleg-agtaryş burawlaýyş toparlary Demirgazyk Goturdepe ýatagynda bir gözleg (19a) we iki barlag (7a, 242) guýulary gurup başladylar. «Lebapnebitgazgözleg» topary 19a gözleg guýusyny özleşdirende nebitiň senagat akymy alyndy we gorlarynyň artyşy gazanyldy. Guýy ulanylmaga berildi.
Häzirki wagtda «Balkannebitgazgözleg» topary 7a barlag guýusynda burawlaýyş işlerini tamamlady, bu ýerde hem nebitiň senagat akymy alyndy we ýatagyň pliosen gatlagynyň aşaky gyzyl reňk gatlagynda gorlarynyň artyşy gazanyldy. Geljekde pliosen gatlagynyň ortagyzylreňk gatlagyndan akym alynmagyna we nebit gorlarynyň artmagyna garaşylýar.
«Lebapnebitgazgözleg» toparynyň ýene bir 242-nji barlag guýusyny burawlamak işleri tamamlanyp barýar. Guýuda geçirilen geofiziki barlaglar boýunça geçilen gatlak hem gowy netije berýär, geljekde akym alynmagyna we nebit gorlarynyň artmagyna garaşylýar.
Şu ýylyň noýabrynda «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň bölümleri Demirgazyk Goturdepe ýatagynda ýene bir – 18a gözleg guýusynyň gurnama işlerine başladylar.
Geologlaryň pikirine görä, bu ýatakdaky gözleg-agtaryş işleri geljekde «gara altyn» gorlarynyň ösüşini üpjün eder. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.