Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


YLYM WE TEHNIKA

Türkmenistanyň wekiliýeti Finlýandiýanyň sosial gorag ulgamy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) arasyndaky «Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasynyň» ýerine ýetirilmegine kömek taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatynda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça müdirlikler arasyndaky komissiýanyň we onuň iş toparynyň agzalary Finlýandiýada saparda boldy.
Saparyň maksady ilatyň durmuş taýdan gorag ulgamyny kämilleşdirmek, adam hukuklary babatynda halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilişi barada milli hasabatlary taýýarlamak, ykdysady, durmuş we medeni hukuklar baradaky paktyň düzgünlerini ýerine ýetirmek, şeýle hem döwürleýin ählumumy syn taýýarlamak boýunça daşary ýurt tejribesi bilen tanyşmakdan ybarat boldy.
Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň işgärleri, şeýle hem BMGÖM-iň Türkmenistandaky wekilleri girdi. Saparyň dowamynda birnäçe döwlet edaralarynyň we Finlýandiýanyň dürli gurluşlarynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi.
BMGÖM-iň Türkmenistandaky edarasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, finlýandiýaly kärdeşleri bilen geçirilen duşuşyklarda Türkmenistanyň wekilleri Finlýandiýanyň Daşary işler ministrliginiň BMG-niň adam hukuklary konwensiýalarynyň, Maýyplaryň hukuklary baradaky konwensiýanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişi barada milli hasabatlaryň taýýarlanmagy bilen baglanyşykly işleri, ICESCR we UPR boýunça teklipleri barada maglumat aldylar. Sosial üpjünçilik we saglygy goraýyş ministrliginde geçirilen duşuşykda sosial üpjünçilik meselelerini, sosial syýasaty ösdürmegiň amaly jähetlerini we täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşma aýratyn gyzyklanma döretdi. Mundan başga-da, myhmanlar maýyp adamlara lukmançylyk taýdan hyzmat etmegiň tejribesi, şeýle hem Finlýandiýada alnyp barylýan “bizsiz biz barada hiç zat çözülmez” ýörelgesi boýunça deňlik, gatnaşmak we elýeterlilik esasynda maýyplaryň hukuklaryny üpjün etmek we goramak syýasaty bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Finlýandiýa döwlet edaralarynyň işgärleriniň ýurduň hukuk hökmürowanlygyny sazlaýan kanunçylygyny, deňligi, kemsitmezlige ýol bermeýän kanunlary, şeýle hem maýyplaryň işjeň gatnaşmagynda alnyp barylýan maýyplaryň hukuklaryny üpjün etmek ugrundaky halkara çäreler baradaky çykyşlary uly gyzyklanma döretdi.