SYÝASAT
Täze ýyl baýramyna bol hasyl ýetişdirildi
Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýer eýeleriniň, kärendeçi daýhanlaryň, mülkdarlaryň, telekeçileriň ekinlerden bol we ýokary hilli hasyl almaklary üçin ähli döwrebap şertler döredilen. Munuň özi, döwletimiziň oba hojalyk toplumyny, telekeçilik düzümlerini ösüşiň täze belentliklerine çykarmak ugrundaky irginsiz aladalarynyň anyk subutnamasydyr.
Muňa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzalarynyň biri, telekeçi Halmämmet Amanmämmedowyň guran ýyladyşhanasynda alnyp barylýan işler hem doly güwä geçýär. Welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň gaýrasynda howalanyp oturan Uly Balkan dagynyň etegindäki Düzmergen ýaýlasynda ýerleşýän bu döwrebap ýyladyşhananyň işi Türkiýede we Gollandiýada öndürilen iň bir kämil, ösen tehnologiýalara daýanýar. Ýetişdirilen pomidor hasyly hem ýokary hil derejesi, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar.
Şu günlerde hem ýetip gelýän Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda bitginli täze hasyl köpçülikleýin ýyglyp, sarp edijilere ýetirilýär. Iş tejribesiniň görkezişi ýaly, pomidor düýpleriniň her birinden ýedi kilogramdan on bir kilograma çenli hasyl alyp bolýar. Şeýlelikde, möwsümiň tutuş dowamynda ýygnalyp, alyjylara ýetiriljek pomidor hasylynyň möçberi ýüzlerçe tonna ýeter. Ýetişdirilýän täze hasyl diňe bir ýerli söwda nokatlaryna däl, eýsem daşarky bazarlara-da yzygiderli ugradylar.
Bu ýerde ussat telekeçiniň öz ýyladyşhanasyndan başga-da bäş gektar ekin meýdany bar. Olarda ýetişdiren müňlerçe düýp miweli baglaryndan telekeçi dürli miweleriň bol hasylyny ýygnap, döwletli desterhanlarymyzyň ter gök önümlerden hemişe dolup durmagyna öz mynasyp goşandyny goşýar.