Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


Bilim

Tehnologiýalar merkezi Arkadag şäheri üçin hyzmat portalyny we geomaglumatlar ulgamyny işläp düzer

Ahal welaýatynda gurulýan «akylly» Arkadag şäheri häzirki zaman şäher gurluşygyna degişli ekologiýa taýdan howpsuz serişdeleri we ulagy, ähli sosial hyzmatlaryň we durmuş goldaw ulgamlarynyň netijeli işlemegi üçin zerur bolan sanly çözgütleri özünde jemleýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çarşenbe güni geçirilen giňişleýin göçme mejlisinde bellenilişi ýaly, bu ýerde gurulýan desgalarda «akylly» şäheriň we «akylly» öýleriň hyzmatlaryny uzakdan ulanmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman innowasiýa tehnologiýasy ornaşdyrylýar, ulag pudagynda «akylly» ulgamlary ulanmak bilen baglanyşykly taslamalar işlenip düzülýär.
Işlenip düzülen IT çözgütleriniň arasynda «elektron mekdep» ulgamy, bilim maksatnamalaryna girizilen ähli kitaplary öz içine alýan sanly kitaphana bar. Onlaýn ders bäsleşiklerini we garaşsyz synaglary geçirmäge mümkinçilik berýän «Zehin» atly sanly ulgamyny ornaşdyrmak üçin teklipler taýýarlandy. 
«Akylly» öý we «akylly» şäher bilen baglanyşykly ylmy taslamalary durmuşa geçirmek boýunça 2023-nji ýyl üçin düzülen iş meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziň hyzmatlar portalyny we geomaglumatlar ulgamyny işläp düzer. Bu portal ähli elektron hyzmatlary birleşdirer, bu bolsa ilata sanly hyzmatlardan amatly peýdalanmaga mümkinçilik berer. Geomaglumatlar ulgamy şäheriň infrastrukturasyny geoportalda ýerleşdirmek maksady bilen işlenip düzüler. Bu iş «Geomaglumat merkeziniň» döredilmeginiň, degişli kadalaşdyryjy namalaryň ösüşiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin hereket meýilnamasynda bellenen tertipde taýýarlanmagynyň we tassyklanmagynyň başlangyjy bolar. Bu bolsa 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynda göz öňünde tutulandyr. Köp mukdarda maglumat girizilmegini öz içine alýan bu işleri durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny çekmek meýilleşdirilýär.