MEDENIÝET
Täze bazar – alyjylara Täze ýyl sowgady
Berkarar Diýarymyzda her bir baýramçylygy, şanly senäni zähmet üstünlikleri, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine, halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna täsir etjek döwrebap desgalaryň, binalaryň açylyş dabaralary bilen utgaşdyrmak ajaýyp däbe öwrüldi. Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary hem ýurdumyza şatlyk – şowhuna, umytlara beslenip gelýän Täze ýylyň öň ýanynda ajaýyp baýramçylyk sowgadyny aldylar. Lebap welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşikleriniň Türkmenabat şäherindäki durky düýpli täzelenen Merkezi bazarynyň uly dabaralara beslenip, açylyp ulanylmaga berilmegi diňe bir şäherlileriň däl, eýsem, welaýatyň ähli ilatynyň hem şatlygyna öwrüldi.
Merkezi bazaryň açylyş dabarasyna edara-kärhanalaryň wekilleri bilen birlikde şäheriň ýaşaýjylary we onuň myhmanlary, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar. Täze ýyl nyşanlary bilen toý lybasynda bezelen döwrebap bazaryň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat işgärleriniň şowhunly çykyşlary bilen badalga alan dabarada jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň, durky düýpli täzelenen Merkezi bazaryň işgärleriniň, bu desganyň gurluşyk işlerine gatnaşan gurluşykçylaryň hoşallyk çykyşlary Täze ýylyň baýramçylyk gutlaglary bilen sazlaşyp, rysgal – bereketli, eşretli zamanamyzyň buýsançly senasyna öwrüldi. Ýokary ruhubelentlige beslenen şowhunly dabaralardan soňra, oňa gatnaşyjylar, şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim – gidimli ýerleriniň biri bolan, durky düýpli täzelenip, häzirkizaman binagärlik gurluşynyň keşbine giren täze bazaryň şertleri bilen tanyşdylar. Tutýan meýdany 2,93 gektara barabar bolan bu bazar, şäheriň çäginde ýerleşýän azyk we senagat önümlerini alyjylara hödürlemäge niýetlenen iň uly söwda merkezleriniň biridir. Ýeri gelende bu bazaryň iň irki iri söwda merkezleriniň biridigini, onuň 1929-njy ýylda düýbüniň tutulandygyny hem ýatlap geçmek bolar. Häzirki wagtda şäheriň Merkezi bazarynda düýpli gurluşyk işleri geçirilenden soňra, ähli amatlyklary bolan dükanlaryň 283 sanysy gurlupdyr. Giňligi, ýagtylygy, islän harydyňy saýlap almaklyga amatlylygy bilen tapawutlanýan bu dükanlaryň 157-si azyk, 126 sanysy hem senagat harytlaryny satmaga ýöriteleşdirilendir. Bazarda üsti 4 sany bassyrma bilen örtülen alyjylara hyzmat etmäge niýetlenen 880 orunlyk tekjeleriň bolmagy alyjylara gysga wagtda özlerine gerek bolan harytlary saýlap almaklyga mümkinçilik berýär. Şeýle hem bazaryň çäginde naharhanalaryň 4-si bu ýere gelýänlere hyzmat eder. Bazarda doly enjamlaşdyrylan 2 sany, her biri 250 inedördül metre deň bolan azyk we senagat harytlaryna niýetlenen ammaryň bardygyny belläp geçmek hem ýakymlydyr. Durky düýpli täzelenen bazaryň tekjelerini synlanyňda ekologiki taýdan arassa, terligi we köpdürlüligi bilen tapawutlanýan naz-nygmatlar, köpgörnüşli senagat, hojalyk we beýleki zerur harytlar gözüňi dokundyryp, Berkarar Diýarymyza, toý – baýramly eşretli zamanamyza çäksiz buýsanç duýgularyny kalbyňa doldurýar. Täze ýyl baýramyňyz, täze döwrebap bazaryňyz gutly bolsun, eziz adamlar!