SYÝASAT
TNGIZT-de nebiti çuňlaşdyryp gaýtadan işlemek boýunça täze desga gurmak meýilleşdirilýär
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda nebitiň gaýtadan işleniş çuňlugyny 90%-den ýokary geçirmäge ukyply täze tehnologik desgalary gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.
Hususan-da, dizel fraksiýalaryny we benzini gidroarassalaýan desgalaryň toplumyny, katalitik kreking we wodorod önümçilikli blokly kokslaşdyrma desgalaryny; nebiti gaýtadan işlemegiň önümleriniň agyr galyndylarynyň katalitik kreking desgasyny, ýokary hilli binýatlyk tehniki ýaglarynyň önümçiligi boýunça desgany döretmek meýilleşdirilýär. Bu desgalaryň ählisi nebitiň gaýtadan işleniş çuňlugyny 90%-den ýokary geçirmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda TNGIZT-de haýalladylan kokslaşdyrma we gudronyň deasfaltlaşdyrmasy desgalarynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Nebiti gaýtadan işlemegi çuňlaşdyrmak bilen birlikde, olaryň ulanyşa girizilmegi suwuklandyrylan gazyň, benziniň, dizel ýangyjynyň we nebit koksunyň önümçiligini artdyrmaga, şeýle hem goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.