Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

Türkmenistanda gaz saklamak üçin ýerasty desgalar gurlar

Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow harytlyk gazyň ätiýaçlyk gorlaryny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda gaz saklamak üçin niýetlenen ýerasty desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer, Türkmenistanda şeýle taslamany ilkinji gezek durmuşa geçirmegiň meýilleşdirilýändigini nazara alyp, bu işi halkara tejribä laýyklykda ýola goýmak we alyp barmak, onuň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamak, taslamalaşdyrmak, enjamlaşdyrmak hem-de gurmak babatda halkara maslahatçy kompaniýalary işe çekmek meýilleşdirilýär.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gaz serişdelerini rejeli we netijeli ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda ygtybarly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady.
Häzirki wagtda Türkmenistan tebigy gazy Hytaýa, Russiýa eksport edýär, şeýle hem Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana swop gaz ibermelerini ýerine ýetirýär. Mundan başga-da, Aşgabat Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirýär.