Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

Russiýanyň Premýer-ministri «Halk Hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gül dessesini goýdy

Türkmen-rus işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustin şu gün Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna bardy diýip, government.ru web saýty habar berýär.
Bu ýerde Mihail Mişustin Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen bilelikde gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.
TASS habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Premýer-ministr ýadygärlikler toplumyndaky kompozisiýalara baş egmek bilen, hormat etdi. Soňra ol «Baky şöhrat» ýadygärliginiň ýanyna baryp, hormat garawulynyň getiren gül desselerini goýdy. Şondan soňra bu ýerde bir salymlyk dymyşlyk yglan edildi.