SYÝASAT
Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işi bilen tanyşdy
Döwlet gümrük gullugynyň edara binasynda Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň
ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň düzüminde Türkmenistanda resmi sapar bilen gelen Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň ýolbaşçysy W.Bulawin bilen duşuşygy boldy.
Gepleşikleriň dowamynda soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük gulluklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň has işjeň ösýändigi we mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada bellenildi.
Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasyna gelmeginiň çäginde, Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň ýolbaşçysy, Gümrük gullugynyň alyp barýan işi, bu ýerde işiň guralyşy, döredilen mümkinçilikler bilen giňden tanyşdy. Ol binada ýerleşýän iş otaglara, mejlisler zalyna, kitaphanana we köpugurly sport zalyna baryp gördi. Binanyň birinji gatynda ýerleşýän seljeriş merkezinde uly monitorda myhmana Türkmenistanda gümrük ulgamynyň guralyşyny we aýratynlyklary beýan edilýän wideo ýazgy görkezildi. Bu gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.
W.Bulawin hünär kitaplaryň, gollanmalaryň, çeper eseleriň, Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň müňlerçesini özünde jemleýän Gullugyň kitaphana otagynda baryp görende, Türkmenistanda gümrük işgärleriniň watançylyk ruhy terbiýesine möhüm ornuň berilýändigine uly baha berip, öz tarapyndan bu tejribäniň Federal gümrük gullugynyň işine hem ornaşdyrylmagyny isleýändigini aýtdy.
Şeýle hem W.Bulawin Gullugyň muzeý otagyna baryp, Türkmenistanda gümrük gullugynyň döredilmeginiň we ösüşiniň taryhy bilen tanyşdy hem-de Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
20-nji ýanwarda, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň wekilçilikli toparyň resmi saparynyň çäginde iki taraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi, onda iki döwletiň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary işgärleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama hem-de 2023 — 2025-nji ýyllar üçin gümrük hukuk bozulmalaryna garşy göreşmekde özara hereket etmek hakynda Teswirnama
gol çekdiler.