SYÝASAT
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenildi
Şu gün Aşgabatdaky Maslahat köşgünde geçirilen Milli Geňeşiň, ýurduň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynda çykyş edenleriň ählisi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy diýen belent wezipä Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy mynasyp görýändiklerini biragyzdan öňe sürdüler.
«Türkmenistan» gazetinde habar berilişi ýaly, halkyň islegleri, haýyşlary nazara alnyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permany esasynda, uzak ýyllaryň dowamynda döwlet we jemgyýetçilik işinde işlemek bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmekde, onuň halkara abraýyny, jemgyýetiň bitewüligini, halkyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde asyrlara barabar hyzmatlary bitirendigini, türkmen halkynyň beýik sylagyna, belent sarpasyna, uly hormatyna mynasyp bolan, döwrüň görnükli döwlet işgäri we syýasatçysy hökmünde ykrar edilen Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenildi.